milli goshun logo
Uly baýramçylygy uly sport çäreleri bilen garşylaýarys!
Uly baýramçylygy uly sport çäreleri bilen garşylaýarys!
19.01.2020 2371 Sport

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň sport desgalary giň gerimli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Harby talyplar we harby gullukçylar şeýle çäreler bilen öz hünär baýramçylygyny – Watan goragçylarynyň gününi garşylaýarlar.

Şanly senäniň bosagasynda bu ýerde sportuň futbol, woleýbol, stol tennisi, ýeňil atletika ýaly birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Saglygyňy berkidýän şeýle bäsleşikler ýetip gelýän baýramçylygyň ruhy bilen doly kybapdaş gelmelidir. Çünki Watan goragçylary – beden taýdan kämilleşen, gije-gündiz Asmanymyzyň asudalygyny, Zeminimiziň parahatlygyny goraýan merdana gerçeklerdir.

«Milli goşun».