2019-njy ýylyň
18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam
etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady.
Saparyň
ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty
boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň
Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meselelere garaldy we bu ugurlarda pikir alşyldy.