7-nji iýulda
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi, oňa
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajiýewiň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Duşuşygyň
barşynda 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine degişli bolan
meseleleriň giň toplumy boýunça pikirler alyşyldy.
Şunuň bilen
baglylykda taraplar ýokarda görkezilen Strategiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy
bilen bagly bolan iş ýüzündäki meseleleriň birnäçesine seredip geçdiler.
Şunlukda Strategiýanyň ileri tutulýan üç sany ugrunyň amala aşyrylmagyna
gönükdirilen köptaraplaýyn gurallaryň döredilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen
wekiliýeti «ÝB-Merkezi Aziýa» formatynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda
howpsuzlyk, energetika, ulag, ekologiýa, bilim we medeniýet ýaly strategiki
taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk häsiýetli özarahereketleriň
giňeldilmegi boýunça takyk teklipler bilen çykyş etdi.