milli goshun logo
Türkmenistanyň wekiliýeti «C5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti «C5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
02.03.2023 263 Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «С5+1» formatynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly sebit ösüşiniň möhüm ugurlarynda amaly hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň, hususan-da USAID-iň howandarlygyndaky söwda, işewürlik, ulag, logistika we energetika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen sebitleýin taslamalarynyň sanynyň yzygiderli köpelmegini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýumlary boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň (TIFA) çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.