milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
28.01.2023 316 Habarlar

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede, ilkinji nobatda, abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär. Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär. Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.