milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
09.10.2023 535 Habarlar

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz, ozaly bilen, hut öz adyndan, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan RF-niň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, parlamentara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklar üstünlikli pugtalandyrylýar. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertidir.

RF-niň Prezidenti mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, däp bolşy ýaly, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.