milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
11.10.2019 385 Habarlar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň duşuşygy boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Igor Dodon türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp, ýurtlaryň arasyndaky özara ynamyň we hormatyň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmaga hem-de syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyga ýardam edýändigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgelerini ösdürmek babatda amatly geografik ýagdaýa eýe bolan iki döwletiň möhüm ornuny bellemek bilen, häzir Türkmenistanyň Ýewropanyň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň üsti bilen üstaşyr geçelgeleri döredýän wagtynda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşler gepleşikleriň dowamynda türkmen-moldowan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Igor Dodon döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar.

Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhman ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhümdigini belläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Syýahatçylyk we sport geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Bu ugurlarda Türkmenistanyň we Moldowanyň gazananlary bilen dostlukly halklary tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.