milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
28.10.2019 408 Habarlar

27-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana nobatdaky sapary deňhukukly özara bähbitli gatnaşyklara, taraplaryň erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek meýline esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolar.

Malaýziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyny Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk meýdanynda resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Söhbetdeşler özara düşünişmek we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwrüň anyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalary: Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki beýannamany; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020 — 2021-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny kabul etmek dabarasy geçirildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Malaýziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.