milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
11.10.2019 365 Habarlar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlary hil taýdan täze derejä çykyp, strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan döwletara gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns bermek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew özara gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli amala aşyrmagyň umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýändigini bellediler.

Söhbetdeşler döwletlerimiziň dünýäde iri önüm öndürijiler we energiýa serişdelerini iberijiler bolmak bilen, çäk taýdan ýakynlygyny nazara almak bilen ýangyç-energetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellediler.

Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy ugrudyr. Bu ulgamda üstaşyr-ulag düzümini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Türkmenistanda bolşy ýaly, bu ulgamda Azerbaýjan hem döwrebap düzüme, hususan-da, portlar düzümine eýedir. Munuň özi awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawlary boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, köpugurly logistika ulgamyny döretmäge ýardam edýär.

Şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.