milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
11.05.2023 359 Habarlar

10-njy maýda Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şeýle hem deputatlaryň, öz ýurtlarynyň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täze köptaraplaýyn görnüşleriniň döredilmegi goldanylýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy şeýle düzümleriň biridir. Ol ilkinji gezek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirildi.

Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleriniň türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri berjekdigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklaryň, «tegelek stol» we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem iki ýurduň deputatlarynyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigi bellenildi.