milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşygy
11.05.2023 504 Habarlar

10-njy maýda Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygy babatda çemeleşmeleri utgaşdyrmak daşary syýasatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatynyň zerurdygy we möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady gatnaşyklary hil taýdan ösdürmek, dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, giň mümkinçilikleri bolan işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem wajyp orny eýeleýär.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalar bilen bu ulgamda köp işler ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünärmenleriň duşuşyklarynyň gurallary herekete girizildi, wekiliýetleri alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda parlament dostluk toparlary wajyp orny eýeleýär. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlament hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, bu ulgamda netijeli pikirleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar we iki doganlyk halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.