milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna ilkinji sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna ilkinji sapary
25.08.2019 370 Habarlar

23-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-27-nji awgustda Singapur Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Öňümizdäki döwlet saparynyň degişli maksatnamasy taýýarlanyldy. Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz türkmen-singapur gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasy goýmaga ýardam etjek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýer Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen-singapur işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, bu forum Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde guralar.

Şeýle hem şol ýerde duşuşyga gatnaşyjylary ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Işewürler maslahatyna Singapuryň nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalyk hem-de azyk senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallaryny, senagat enjamlaryny öndürýän hem-de gämi gurluşyk kompaniýalarynyň, ulag we aragatnaşyk, söwda hem-de bank ulgamlarynda iş alyp barýan, elektron programma üpjünçiligini we inženerçilik hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan tarapyndan degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Forumyň barşynda singapur tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, söwda we maýa goýum syýasaty bilen tanyşdyrylar. Aragatnaşyk, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda sanly ykdysadyýete geçmegi, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmek, Singapuryň işewürlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrmak göz öňünde tutulýar.