milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy
27.08.2019 331 Habarlar

26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň «Shangri-La» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.