milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
21.01.2023 459 Habarlar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlygyň hem-de özara düşünişmegiň köprüsi bolup durýan medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçysy bolup durýan Prezident Rustam Minnihanowa Türkmenistanda geçirilýän iri çärelere, hususan-da, Arkadag şäherinde şu gün geçirilen Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşandygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Taraplaryň ikisinde hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmak, däp bolan ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylym merkezlerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.