milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
01.06.2019 923 Habarlar

31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygynyň Aşgabada sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de ösüş ugry boýunça ikitaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Gysga söhbetdeşlikden soň, hormatly Prezidentimiz we Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri bilelikde öňki döwürde meşhur bolan, häzir bolsa wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagynda resmi duşuşygyň geçirilýän ýerine ugrap, ýol ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlyklaryny synladylar.