milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
27.12.2023 692 Habarlar

Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem joşgunly zehinini we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünliklerini göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy-kompozitor Anna Wladimirowna Şuroçkina «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabry.