milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda
30.12.2022 232 Habarlar

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 29-njy dekabry.