milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň permany
09.09.2019 562 Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzy taryhy özgerişlere besleýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, ähli pudaklarda täze rowaçlyklary gazanmak, ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alýan il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat ussatlarymyzy has-da buýsandyrýar, döredijilik işgärleriniň kalbynda çäksiz joşguny, egsilmez ylhamy kemala getirýär.

Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermek, amala aşyrylýan düýpli maksatnamalaryň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmak, bagtyýar durmuşda, ajaýyp döwürde ýaşaýan watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan medeni mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak döredijilik işgärleriniň öňünde esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, kompozitorlarynyň, suratkeşleriniň, artistleriniň döwrebap, kämil eserleri döretmekleri, bagtly durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

«Türkmenistan rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerimiz ýurdumyzyň gülläp ösmegi, medeniýet ulgamynda täze rowaçlyklaryň gazanylmagy ugrunda has-da joşgunly zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini we joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Tyllagözel Baýlyýewna Ýakubowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Atajan Beşimowiç Berdyýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň çeper ýolbaşçysy Aram Simonowiç Melkumýana,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň Okuw kitaplaryny çykarýan bölüminiň baş hünärmeni Hekim Täçkuliýewiç Saparkuliýewe;

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy Täçmämmet Amangulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň artisti Nurýagdy Sapardurdýewiç Rejepowa,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň artisti Guwanç Kakadurdyýewiç Ýazmämmedowa,

Gurbansoltan Nurýagdyýewa (merhum, M.Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň aýdymçy-artisti bolan);

«Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly ady:

Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ahmetberdi Mededowa;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň müdiri Agamyrat Mämmedowa.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW