milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
17.04.2023 368 Habarlar

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, doganlyk halklaryň taryhy-medeni umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigine ünsi çekip, halkara gatnaşyklarda iki ýurduň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň dünýä giňişliginde ýokary derejä ýetendigi aýratyn nygtaldy.

Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy, şeýle-de parlamentara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär we işjeňleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has ýokary derejä ýetmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Özbek Lideri soňky ýyllarda dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny hem-de häzirki wagtda giň ugurlar boýunça ösdürilýändigini aýtdy.