milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
20.01.2023 410 Habarlar

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzdan ugrady we birnäçe wagtdan soňra Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.

«Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, «Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.