milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary başlandy
06.01.2023 448 Habarlar

5-nji ýanwarda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle-de HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar. Ýokary derejede geçiriljek we uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan, däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek duşuşyga uly ynam bildirilýändigini bellemeli.