milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly gepleşigi
27.02.2019 652 Habarlar

26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşler energetika toplumyny, ulag ulgamyny, hususan-da, üstaşyr-ulag düzümini, senagaty, oba hojalygyny we beýleki birnäçe pudaklary, şeýle hem işewür gatnaşyklary, maýa goýum işjeňligini özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gepleşigiň dowamynda 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji duşuşygyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, suw diplomatiýasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň suw gorlaryny aýawly saklamagyň we netijeli peýdalanmak bu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigi nygtaldy.

Iki ýurduň Baştutanlary Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamakda hem-de BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça köp hyzmatdaşly trast gaznasyny döretmek hakynda başlangyjy amala aşyrmakda gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ähli ugurlar boýunça berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly gepleşik özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.