milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky» Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky» Karary
16.02.2019 934 Habarlar

15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda hem-de deňiz flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak we ýükler daşalanda ulag hyzmatyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hökmünde bellenilýär.

Taýýarlanylan resminamada ýük daşamak ulgamynda dolandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslary, nebit önümlerini we ýörite ýükleri daşamagyň düzgünleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň kadalary kesgitlenilýär.

Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän ýükleriň möçberiniň artdyrylmagynyň, milli söwda flotunyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň dünýä söwdasynda paýynyň ýokarlanmagyna, daşarky haryt dolanyşygynyň düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyna gönüden-göni täsirini ýetirjekdigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we ony ýerine ýetirmek babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.