milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.12.2023 551 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilema hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Zambiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.