milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy
03.03.2023 321 Habarlar

2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.

Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli ýurtlaryň hem-de iri halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşýarlar.

Gün tertibine sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler, häzirki döwrüň howplaryna, wehimlerine, ilkinji nobatda, COVID-19-a garşy bilelikde göreşmek, oňyn syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda pandemiýanyň netijelerini ýeňip geçmek, onuň gaýtadan ýüze çykmazlygyny kepillendirmek zerur bolan gorag usullaryny döretmek, ykdysady we söwda gatnaşyklary dikeltmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin anyk teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Şol gün Baku Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ählumumy parahatçylygy saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy göreşmek, durnukly energetika, ulag ulgamlaryny üpjün etmek, suw howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde özara düşünişmegiň bardygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, taraplar häzirki zamanyň şu we beýleki meselelerini sebit derejesinde çözmekde hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn ugurlarynyň döwrebap hem-de netijeli ugurlar bolup durýandygyny tassykladylar.