milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
17.05.2023 383 Habarlar

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.

Ýurdumyz ÝHHG-niň işine parlamentarileriň ýakyndan çekilmegini we hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň giňeldilmegini goldap, guramanyň ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşmaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşi, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary pugtalandyrmak, hukugyň hökmürowanlygyny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Öz tarapyndan Türkmenistan häzirki zaman ösüşiniň anyk wezipelerini çözmek üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge taýýardyr. Aşgabatda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.