milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi
22.05.2019 439 Habarlar

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň häzirki Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durmuş-ykdysady pudakda energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.