milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi
02.06.2023 585 Habarlar

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan taýýarlanylýan hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalary esasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde syýasy we howpsuzlyk meselelerine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň adamlaryň abadançylykda ýaşamagynyň baş şertidigi, häzirki zaman dünýäsinde her bir döwletiň parahatçylygy üpjün etmek üçin sebit we halkara howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygy bellenildi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändiginiň subutnamasy bolandygyna üns çekildi.