milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
18.01.2024 515 Habarlar

Düýn – 17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň türkmen kärdeşleri bilen netijeli gepleşikleri geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda esasy ugurlary we bar bolan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Bu forumy şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýussel şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ulag-logistika ulgamynyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde geljegi uly ugurlaryň biridigini nygtap, ýurdumyzyň forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, onuň netijeleriniň Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal, häzirki zaman, durnukly we tiz ugra öwrülmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.