milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady
18.07.2019 579 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris» diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem ýokary, jogapkärli täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.