milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada iş saparynda bolar
19.10.2019 324 Habarlar

18-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 21-23-nji oktýabrda Ýaponiýa meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.

Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.

2015-nji ýylyň oktýabrynda biziň ýurdumyza Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Hasabat berlişi ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm waka öwrüljek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.