milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministrini kabul etdi
21.05.2019 579 Habarlar

20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkymyza eden hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamy, ulag, energetika toplumy, senagat hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy baýlaşdyrýan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşyga Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo gatnaşdy.