milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar
15.12.2023 557 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Gazagystan Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem hyzmatdaşy bolup gelýär. Biziň hyzmatdaşlygymyz ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň netijesinde pugtalanmagyny we ösmegini dowam etdirýär. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklary, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni, bilim, ulag we beýleki ugurlary öz içine alýar. Biz halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrarys we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelderis» diýlip, hatda bellenilýär.

 

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Gazagystan Garaşsyzlygynyň ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işleri bitirdi. Häzirki döwürde bu ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar. Men Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Gepleşiklerdäki açyklygyň, ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek baradaky üýtgewsiz islegleriniň bardygyny görkezdi» diýlip, hatda bellenilýär.