milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Bahreýniň Patyşasyny gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Bahreýniň Patyşasyny gutladylar
15.12.2023 563 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.