milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «VINCI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysynyň wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «VINCI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysynyň wekilini kabul etdi
11.12.2019 535 Habarlar

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman bilelikdäki iş boýunça bar bolan tejribeleriň we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň täze ugurlarynyň çäklerinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, jenap de Silgi hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz kompaniýanyň alyp barýan işine we umuman, fransiýaly binagärlerden, taslamaçylardan ybarat hünärmenleriň ukybyna ýokary baha berip, bu gezekki duşuşygyň öň ýanynda hödürlenen çyzgylarda görkezilýän täze myhmanhananyň bezeg aýratynlyklary barada birnäçe belliklerini we tabşyryklaryny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşjek myhmanhananyň keşbinde binagärligiň täzeçil çözgütleri we inženerçilik-tehniki pikirlenmeler, hususan-da, bu toplumyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri, bezeg aýratynlyklary, gadymy Parfiýa şalygynyň binagärlik sungaty öz beýanyny tapmalydyr.

«VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzy bu bellikleriň göz öňünde tutuljakdygyna we taslamanyň şoňa laýyklykda täzeden işlenip taýýarlanyljakdygyna ynandyrdy.