milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi
26.06.2019 359 Habarlar

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz we ÝUNISEF-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany gazanylan üstünlikler hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzda mekdebe çenli bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň baştutany Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.