milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
29.04.2019 725 Habarlar

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerim bilen geçirilip, oňa köp sanly dabaraly çäreler bagyşlandy. Behişdi ahalteke bedewi olaryň baş gahrymany boldy.

28-nji aprelda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna ençeme ýurtlardan gelen myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ylmy maslahata hem-de ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka gatnaşyjylar bar.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bu ýere irden türkmenistanlylaryň müňlerçesi, şeýle hem daşary ýurtly alymlar we atşynaslar, işewürler ýygnandylar. Köpetdag şaýolunyň ugrunda topluma tarap barýan ýolda baýramçylyk ruhunda bezelen ak öýler oturdyldy, şeýle öýler ýoluň topluma eltýän böleginde has-da köp. Bu ýere gelýänleri Türkmenistanyň Baýdagyny parladýan ýaşlar garşylady.

Atçylyk sport toplumynyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriň, çeper suratlaryň, neşir önümleriniň we beýleki işleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hemmesini «Ahalteke bedewi — milli baýlygymyz we buýsanjymyz» diýen mowzuk birleşdirdi.

Ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreler, konsertler tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi.