milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
01.05.2023 930 Habarlar

30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Hemmeleri ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň çägine bardy. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeginden senetçileriň, suratkeşleriň we halyçylaryň döreden eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Artistler döwlet Baştutanymyzy behişdi bedewlere bagyşlanan aýdym-sazlary bilen garşyladylar. Amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi meýdançasynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler gurnaldy. Nurana öýleriň öňünde ýerleşdirilen sekilerde gelin-gyzlar ussatlyk bilen el işlerini ýerine ýetirýärler. Bu görnüşler bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşyp, dabaralaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.

Diňe bir at çapyşyklarynyň geçirilýän ýeri däl, eýsem, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmekde we ösdürmekde möhüm merkez hökmünde-de ykrar edilen toplumyň tutuş çäginde köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Dürli aralyklara baýramçylyk çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Olara baýramçylyk mynasybetli ýokary derejede seýislenen we seçilip alnan bedewler gatnaşdyryldy.

Soňra şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we «Akhan» baýragy gowşuryldy.

Şu gün bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan konkur bäsleşiginiň we uzak aralyga geçirilen at çapyşygynyň ýeňijileri hem yglan edildi. Konkur boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, çapyksuwar S.Garajaýewiň erk eden Toýçy atly bedewi ýeňiş gazandy. Uzak aralyga geçirilen at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýduw diýen bedew ýeňiji boldy. Ony ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy.