milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
30.05.2023 642 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň baştutanlygyňyzda Türkiýäniň durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetmek, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ösüşleri ynamly dowam etdirjekdigine ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzaýan mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.