milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
11.11.2023 488 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.