milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.08.2019 274 Habarlar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, obasenagat toplumynda möhüm wezipeleri öz wagtynda çözmegiň zerurlygy bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişine oba hojalyk tehnikalaryny we tohumy degişli derejede taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Pagta ýygym möwsümi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçi daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagyna, şeýle hem nobatdaky Halk Maslahatyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkimlere görkezme berdi.