milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.01.2019 614 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, welaýatlaryň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, welaýatlarda gowaça ekişini wagtynda geçirmek üçin agrotehniki çäreleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatlarda gök-bakja ekinlerini, ýeralmany we ir-iýmişleri köpräk ekmek, şeýle hem täze gurlan obalarda baglary, aýratyn-da, miweli baglary ekmäge häzirden gowy taýýarlyk görmek barada görkezme berdi. Şunuň bilen baglylykda, tebigaty goramak hem-de has oňaýly ekologiýa gurşawyny döretmek meselelerini sowatly çözmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer D.Amangeldiýewe ýüzlenip, Aşgabadyň täze desgalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň we edara binalarynyň, binagärlik toplumlarynyň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda döwrebap, amatly we owadan şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen ýylymyzda eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.