milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.10.2019 349 Habarlar

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, obasenagat toplumynda işleriň barşy, öňümizdäki baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň — güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdiler. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda Oba milli maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmak, gyş möwsümine, şeýle hem baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdiler.