milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
16.05.2019 373 Habarlar

15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi.

Welaýatlaryň häkimleri häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we ak ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş gazanylan atyzlarda gowaçany ýekelemek, hatar aralaryny bejermek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça görülýän çäreler, sebitleriň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem 25-nji maýda bellenilýän «Soňky jaň» dabaralary mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.