milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.02.2019 462 Habarlar

25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlary, şeýle hem oba hojalyk işleriniň depgini bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda  welaýatlaryň häkimleri alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaçanyň ýaz ekişine, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy, şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk ýowary barada aýdyp, bu çärä gowy taýýarlyk görmegi we ekilen baglara degişli derejede ideg etmegi tabşyrdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere bu baýramçylygy ýokary derejede geçirmek, zenanlara sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak babatda anyk görkezmeleri berdi.