milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
25.06.2019 390 Habarlar

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.

Häkimler welaýatlarda işleriň ýagdaýy, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny hem-de awtoulag serişdelerini doly derejede ulanmak arkaly bugdaý oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek babatda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz häkimlere welaýatlaryň mekdeplerini täze okuw ýylyna degişli derejede taýýarlamak, 1-nji synp okuwçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan her ýyl sowgat hökmünde gowşurylýan kompýuterler bilen üpjün etmek meselelerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşyklarynyň depginini çaltlandyrmagyň hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.