milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
10.09.2019 300 Habarlar

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, taryhy ähmiýetli şanly seneleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk, şeýle hem şäher gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.