milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.03.2019 668 Habarlar

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häkimlere gowaça ekişini bellenen möhletde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegi, doly bahaly gögeriş alnandan soň, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri hem talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme häzirden gowy taýýarlanmagyny berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe we Türkmen bedewiniň milli baýramyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada häkimlere degişli tabşyryklary berdi.