milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
10.04.2019 595 Habarlar

9-njy aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerine, käbir guramaçylyk meselelerine garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri milli Liderimize welaýatlardaky gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de şanly senelere, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda gowaça ekişiniň ýagdaýyna häkimleriň ünsüni çekdi hem-de agrotehnikanyň kadalaryna berk eýermek arkaly gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragynyň hem ýakynlaşyp gelýändigini belläp, bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde agrotehniki çäreleriň toplumlaýyn esasda bellenen kadalara pugta laýyk alnyp barylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi häkimlerden talap etdi.