milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.05.2019 436 Habarlar

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Häkimler welaýatlarda işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şonuň bilen birlikde, welaýatlarda bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy, tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin oragy guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasyny düzmegiň, kombaýnlaryň we awtoulag serişdeleriniň zerur mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny belledi. Oraga gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýakynda ýurdumyzda ajaýyp baýramçylygyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden belleniljekdigini aýdyp, oňa bagyşlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.